Gitdi - arzuwlarmy süpürip gitdi.
Umydymyñ kökün goparyp gitdi.
Ne-hä "Durma!" diýdim, ne-de "Dur!" diýdim,
"Diñe ýeke zada jogap ber!" diýdim:
"Meni ýürek berip söýdüñmi başda?"
Olam jogap berdi (gözleri ýaşda):
"Men seni hiç mahal söýmändim asla,
Söýmedigmi senem duýmandyñ asla!"
...Şeýdip nokat goýduk bu ýalan söýgä,
Duýgym öldi. Ýöne batmadym gaýga.
Gitdi. Keşbi salgym bolup göründi,
Dem aldym uludan, kalbym gerindi...
Kyn eken ýaşamak ýalan içinde,
Özüme äht etdim şonuñ üçin-de:
Ýalan duýgyñ humaryndan çykmaly,
Ömrüñ hapa sahaplaryn ýakmaly.
Özgäñ hasratyna aglamaly däl,
Sähel zada bagryñ daglamaly däl.
Hiç kime syryñy bermän gezmeli,
Ozal dözmedigme indi dözmeli.
Ýazmakdan-a, asyl, elim çekmeli,
Öñküden has köpräk çilim çekmeli.
Içmeli, dünýäniñ keýpin duýmaly,
Özgäni däl, diñe özüm söýmeli.
Ýürekden däl, ýylgyrmaly ýasama,
Öñki bolşum diñe janym kösemek!
* * *
Içimiñ howruna şulary ýazdym,
Ýöne... biraz wagtdan ähdimi bozdum...