Запись - Gutarylmadyk goşgy

Gutarylmadyk goşgy

Bu dünýede didaryňy görme ýok, Sataşmak ýok ikimize hiç haçan.
"Oglum!" diýip, gujagyňy germe ýok,
Senden gök asmany gabandy ajal.
Ah, seni şeýle bir göresim gelýär,
Bir alaç gözleýän bagrymy tüýdüp.
Iň bolman düýşüme girsene, käbäm,
Öňki ynjyklygmy birmahal goýdum.
Delminip-delminip gitme yzyňa,
Ýaýdanyp ukymyň goýalmagyndan.
Maňa birje gezek dözümlilik et,
Çekinme tisginip oýanmagymdan.
Комментарии 5
Nays
16 Авг 2025, 21:58
0
Tüweleme
15 Авг 2025, 18:23
1
Gowy goşgy
15 Авг 2025, 14:23
1
rexha*
ответил(-а) King-official

Da

15 Авг 2025, 14:36
King-official****
ответил(-а) rexha

Oki

15 Авг 2025, 14:42
Извините, для вас комментирование недоступно
Ко всем записям