Запись - Sakla

Sakla

Sakla
Namartlara egdirmäwer başymy,
Halal iýsem bolýar çörek aşymy,
Berdim diýip bersin beren ýaşyny,
Ýalan ýallakydan, ýanmakdan sakla.

Her kimiñ öz sözi özüne dogry,
Ahyry tutular, kezzapdyr ogry,
Halal gazanç üçin pukarañ oglun,
Baýyñ zäher sözün, datmakdan sakla.

Hasaply dost gider eken uzaga,
Şagalyň dostlugy salar duzaga,
Köp ýüz berseň, münjek kändir gulaga,
Ýüze gülüp, ýeňsä urýandan sakla.

Gymmat wagty gaçyrmagyn bahaňy,
Men-menlikden ýyrtjak bolma ýakaňy,
Ýetimiň öňünde bolma hataly,
Agyr günälerden, töhmetden sakla.
Комментарии 7
10:33
0
10:33
0
10:33
0
10:33
0
10:33
0
10:33
0
10:33
0
Извините, для вас комментирование недоступно
Ко всем записям