Тема - Bir serhoşuň içdökmesi (degişme)

Bir serhoşuň içdökmesi (degişme)

— Maňa köp içýäň diýýärler. Köp däl-ä, ynha seret (barmak büküp sanaýar). Ýylda bir gezek täze ýyl agşamynda. Hepdede iki gezek şenbe, ýekşenbe günleri, toý-tomguda. Nätjek içmeseň bolanok, göwün edýärler-how. Aýlyk alanymyzda, premýajyk alanymyzda hem ýuwmaly bolýar. Günde-günaşa goňşy-golam hem çagyryp dur, doglan günümiz diýşip. Munda hem içen bolýas-da. Ýogsam öýke edýärler-how. Onsoň şunuň ýaly tapan wagtymyzam, ýüz gram, elli gram kakýan bolaýmasak känbir içilibem barlanok-laý.
Amanberdi ALLABERDIÝEW. Degişmeler


Подраздел: Edebiýat
Раздел: Bloglar

Файлы темы
Последний раз тему редактировал Gamgyn_Yurek - 16 Авг 2025, 11:03
Последняя активность в теме: 16 Авг 2025, 11:03
Комментарии 0
Пока нет комментариев
Извините, для вас комментирование недоступно
Назад